Döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär

1 Sentýabr 2024
182

Düýn Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyş dabaralary boldy. Ýokary derejede geçirilen bu dabaralar medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan şowhunly aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasylarynyň hatarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň, öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegi bolup durýar. Şonuň netijesinde hem, Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, medeniýet müdirliklerini öz içine alýan Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň bina edilmegi bu ugurda alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Sanjar ATAÝEW,
«Mugallymlar gazeti».