Asylly ýörelgeler rowaçlanýar

1 Sentýabr 2024
158

Garaşsyz Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýolundaky geçen 33 ýyllyk şöhratly ýoly halkyň durmuşyny özgerden, döwletimiziň abraýyny dünýä ýaýan döwürdir. Döwletliligi halkyň isleglerine laýyklykda pugtalandyrmakda, jemgyýetçilik durmuşyny yzygiderli ösdürmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän asylly işler ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz türkmen döwletiniň binýadyny berkidýär.

Bu gün hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň arasynda parahatçylykly ösüş ýoluny netijeli alyp barýan, ygtybarly hyzmatdaş ýurt hökmünde uly abraýa eýedir. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň maksatlaryny, durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryň guramaçylyk, hukuk ýörelgelerini halkara jemgyýetçiligine giňden wagyz etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr. Çünki bu umumymilli forum ösüşlerimiziň ähli ugurlaryny şöhlelendirýän, ýetilen sepgitlere we geljekki möhüm wezipelere içgin göz ýetirmäge mümkinçilik berýän milli demokratik ulgam hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar.

Annajemal AMANGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.