Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

31 Awgust 2024
166

Aşgabat, 30-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Kanunlar hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly başga-da birnäçe kanunlar kabul edildi. Dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mejlisiň kararlarynyň 15-si kabul edildi.