Türkmenistan — Özbegistan: Dostluk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak

26 Iýul 2024
248

Gözbaşy asyrlara uzaýan türkmen-özbek gatnaşyklary ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşýar. Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk özara ynanyşmak, açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. 24-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlik munuň şeýledigini ýene bir ýola görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ýurduň doganlyk halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleriniň Watana ak ýürekden hyzmat etmegiň aýdyň nusgasydygyny belledi. Şeýle-de Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyna hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny we doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi. Özbegistanyň Prezidenti mähirli gutlaglary, hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berýändikleri üçin döwlet Baştutanymyza we hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklara, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

«Nesil».