Watanymyzyň parahatçylyk döredijilik kuwwaty dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilip, Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň özeninde durýar

26 Iýul 2024
204

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär. Bu çemeleşme, şeýle-de Watanymyzyň daşary syýasy ugry Milletler Bileleşigi tarapyndan giň ykrarnama eýe boldy.

Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda öňde boljak 79-njy sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanylandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, ýurdumyz guramanyň abraýly düzümleriniň agzalygyna birnäçe gezek saýlanyldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy köp sanly Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýakynda Türkmenistana amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açdy. Döwlet Baştutanymyz hem-de Gahryman Arkadagymyz bilen iri halkara guramanyň ýolbaşçysynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen syýasy, ykdysady, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle hem 2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigi nygtaldy. Bu şanly seneler biri-biri bilen berk baglanyşykly bolup, ýurdumyz BMG-niň belent maksatlaryny durmuşa geçirmekde bilelikde tagalla etmäge taýýardyr.

«Nesil».