Telefon arkaly söhbetdeşlik

26 Iýul 2024
125

24-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Häzirki wagtda Özbegistanyň dürli ugurlarda batly depginde ösýändigini, halkyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli gowulandyrylýandygyny görmek biziň üçin örän ýakymly diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigini belläp, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

«Watan».