Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi

26 Iýul 2024
187

25-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmäge iki tarapyň hem taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde, ilki bilen, Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy, energetika ministri A.Saparowyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, suw hojalygy, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ministri B.Torobaýewiň arasynda çäkli düzümde gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Soňra mejlis iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

«Watan».