Dowamata uzaýan döwletlilik

26 Iýul 2024
177

...Häzirki zaman dünýäsiniň maliýe-hojalyk ulgamynda kynçylyklaryň başdan geçirilýän döwründe ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda, ulag-kommunikasiýa we beýleki pudaklarda ösüşleri gazanmak ýeňil-ýelpaý däl. Hernä biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ümzügi öňe, işi ileri. Bu bolsa mähriban halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşyna mäkäm jebisleşip çekýän agzybirlikli zähmetiniň netijesidir. 12-nji iýulda Hökümetiň şu ýylyň birinji ýarymynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyza berlen hasabatlary «mawy ekran» arkaly diňläp, şu pikirler serime geldi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen wezipelere amal etmekde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda depginli işler alnyp barylýar. Prezident Maksatnamasynda kesgitlenen esasy maksatlaryň biri-de ýurdumyzyň durmuş ulgamyny yzygiderli ilerletmek arkaly, her bir raýatyň abadan ýaşaýşyny kepillendirmek, şeýle hem ilatyň durmuş mümkinçiliklerinidir bähbitlerini berk goramak, iş bilen üpjünçiligi kämilleşdirmek bolup durýar. Hut şu maksat bilen, 2022 — 2028-nji ýyllarda zähmet hakynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrmak; ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş ornuny döretmek; adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrmak bellenildi. Şu ýylyň birinji ýarymynyň netijeleri öňde goýlan maksatlara tarap okgunly hereket edilýändigini tassyklaýar.

Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».