Bilelikdäki tagallalar — anyk maksatlara

26 Iýul 2024
218

Çolpon-Atada hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi geçirildi

Iki döwletiň Liderleriniň arasynda guralýan islendik duşuşykdyr gepleşikleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylyp, geljekde amal ediljek işleriň pugta binýady goýulýar. Ýokary derejede gazanylan bilelikdäki ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi özara gatnaşyklary yzygiderli ilerletmäge ýardam berip, şunda hökümetara toparlaryň alyp barýan işine aýratyn ornuň degişlidigini toplanan tejribeler doly subut edýär. Düýn, 25-nji iýulda Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisi hem Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny nobatdaky gezek açyp görkezdi.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».