Çagalaryň bagtyýarlygy — halkyň göwün şatlygy

7 Iýun 2024
293

Güneşli Türkmenistan Watanymyz bagtyýar çagalygyň ajaýyp mekanydyr. Eziz Diýarymyzda çagalaryň şadyýan ýaňlanýan ýüregi galkyndyryjy sesleri halkymyzyň abadan durmuşynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň, ýurdumyzyň parahatçylykly gülläp ösüşleriniň aýdyň kepilidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyz çagalaryň sagdyn we bagtyýar ösüp kemala gelmegi babatynda halkara guramalary bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy bilen her ýylyň 1-nji iýunynda geçirilýän Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda hem giňden bellenilýär. Türkmenistan 1994-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy. Munuň özi berkarar döwletimiziň bu abraýly halkara guramasynyň çagalaryň sagdyn hem-de bagtyýar ösüp kemala gelmegini üpjün etmek babatynda öňe sürýän ýörelgelerine doly eýerýändiginiň nyşanydyr. Döwletimiz tarapyndan körpe nesliň döwrebap şertlerde ösüp kemala gelmegi barasynda edilýän taýsyz tagallalar üçin halkymyzyň buýsanjy egsilmezdir.

«Saglyk».