Arassaçylyk — saglygyň girewi

7 Iýun 2024
395

Lukmançylykda mugthor soguljanlaryň adam, haýwan bedenlerinde we ösümliklerde ýaşap, döredýän kesellerine gelmintozlar diýilýär. Häzirki wagtda dünýäde adam bedeninde gelmintozlary döredýän soguljanlaryň 300-e golaý görnüşi ýüze çykaryldy.

Olaryň bir görnüşi bolan askaridoz ýer ýüzünde giň ýaýran gelmintozlaryň biridir. Adamyň inçe içegesinde mugthorlyk edip ýaşaýan askaridany döredýän asсaris lumbriсoides tegelek gelmintler synpyna degişli bolup, onuň ortaça uzynlygy 30 santimetre barabardyr. Askarida ýumurtgalarynda daşky gurşawyň şertlerine baglylykda 3,5 hepdeden birnäçe aýa çenli aralykda liçinka ösüp ýetişýär. Adam iýmit arkaly içi liçinkaly ýumurtgany ýuwdanda, askaridoz keseli bilen keselleýär. Bu kesel sag gapyrganyň astynda agyrynyň döremegi, bagryň ulalmagy, agzanyň işjeňliginiň bozulmagy bilen ýüze çykýar. Soňabaka, demgysma, döşüň agyrmagy, bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagy hem-de bronhitiň, öýken sowuklamanyň beýleki alamatlary, allergiki täsir peýda bolýar. Ganyň umumy barlagy eozinofilleriň we leýkositleriň mukdarynyň köpelendigini görkezýär. Keseliň dowamly geçiş döwründe täretiň bozulmagy, içiň geçmegi we çişmegi, ýürek bulanma, işdäniň peselmegi, göbegiň töwereginde agyrynyň duýulmagy, bedeniň gowşamagy, ukynyň bozulmagy, başaýlanma ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Bahar BALLYÝEWA,
Arkadag şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň epidemiolog lukmany.