Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

18 Maý 2024
88

Aşgabat, 17-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Igor Bukato hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýetip gelen uly baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlap, türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.