«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna ýurdumyzda geçirilýän dabaralara gatnaşmaga alys-u-ýakyndan myhmanlar gelýär.
Şu gün, ýagny 17-nji maýda Türkmenistana Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýue geldi. Mähirli garşylanan hanym Şen Ýueýue «Ýyldyz» myhmanhanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleriniň derejesinde geçirilen halkara maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşandan soň, Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa bilen duşuşdy. Hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa hanym Şen Ýueýue we bu ýerde geçirilen «Türkmen – hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahata gatnaşdylar we çykyş etdiler.