Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymgulynyň döwletlilik garaýyşlary

16 Maý 2024
207

Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli döwletliligiň kemala gelmeginiň hem-de ösmeginiň syýasy-hukuk binýady bolup, dünýäniň oňyn tejribesine daýanýar we şol bir wagtyň özünde, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan iň gowy däp-dessurlaryny hem-de milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Döwlet esaslarynyň mizemezligini, gadymdan gözbaş alýan demokratik sütünleri we halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýar.

Ýurdumyzyň Esasy Kanuny özüniň esasy düzgünlerini saklap galmak bilen birlikde, amala aşyrylýan ägirt uly hem-de giň möçberli özgertmelere laýyklykda kämilleşdirilýän hukuk guraly bolup durýar. Ol döwlet gurluşy babatda ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemlemek bilen  demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini birleşdirdi. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmäge hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjek durmuş wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.

Didar ORAZOW,
Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.