Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

16 Maý 2024
107

15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şu günler Kazanda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylda geçirilen 13-nji foruma hem hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek. 2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara çäräniň işine ýurdumyzyň wekiliýeti ençeme gezek gatnaşdy. Munuň özi türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hem-de Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň tassyklaýar.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.