Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy duşuşdy

16 Maý 2024
183

14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldaýandygy üçin Ýaponiýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi. Geljek ýylda bu şygar bilen birnäçe duşuşyklar geçiriler diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy we dostlukly ýurduň wekillerini bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

«Watan».