Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

16 Maý 2024
209

13-nji maýda — hepdäniň duşenbe güni döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirip, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen tanyşdy.

Iş maslahatynda, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi ýerlerde täze, möhüm desgalary — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny, Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desgany gurduryp berendigi we welaýatyň ýaşaýjylaryna döwrebap awtoulaglary sowgat edendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdy.

«Watan».