Şanly ýylyň taryhy wakalary

15 Maý 2024
223

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda halkara çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar, toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Ertir türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda gurlan, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolar. Birigün bolsa ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni giňden belleniler. Bu şanly seneler mynasybetli ýurdumyzyň paýtagty hem-de sebitlerimiz toý lybasyna beslendi.

Mälim bolşy ýaly, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar ýurdumyzda we daşary döwletlerde giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmeniň nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, dana Pyragynyň hormatyna daşary döwletlerdäki ilçihanalarymyz tarapyndan wagyz-nesihat duşuşyklary, metbugat maslahatlary we beýleki çäreler guralýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilip geçilýän toý-baýramlarymyzda şu ýylyň we onuň şygarynyň ähmiýeti giňden şöhlelendirilýär.

«Esger».