Arkadag şäheri, mermer Aşgabat, sizde durmuş gözel, sizde göwün şat

15 Maý 2024
134

Adamzat tarapyndan tehnologiýanyň şeýlekin ösdürilip, geljegi şu günde hem synlamak mümkinçiligine eýe bolnan, edil şol bir wagtda hem, taryhy gymmatlygy bolan her bir zadyň derejesini öňküden-de beýgeltmegiň içgin alada edinilýän döwürde jahan içre özboluşly gözelligi we artykmaçlygy bilen parhlanýan şäherler az däl. Olaryň arasynda müňýyllyklary başyndan geçirip, geçmişiň syrly aýdymlaryna hiňlenip oturan gadymy şäherler hem, dünýäniň iň täze gazananlary arkaly bina bolup, döwrebaplygyň kämil nusgasyna öwrülen täze şäherler hem bar. Megerem, muny şeýlekin şäherlerde bolup gören adamlar has gowy taryp ederler. Elbetde, bu ýerde «dogduk şäherim», «talyplygymyň geçen şäheri», «ilkinji söýgime duşan şäherim» ýaly aýratynlyklar hem bolup biler, emma bir adamyň ykbalynda ajaýyp şäher hökmünde orun tutmak bir başga, giň dünýäde, tutuş bir sebitde deňsiz-taýsyz şäher bolmak bir başga.

Bu zatlary aýtmak bilen, biziň göz öňünde tutýan şäherimiziň Arkadag şäheridigine okyjylar eýýäm düşünen bolsalar gerek. Çünki şan-şöhraty diňe bir sebite däl, eýsem, uly dünýä ýaýran täze şäher düýbi tutulanyndan şu günki güne çenli dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolup gelýär. Bu, elbetde, bizi örän buýsandyrýar. Ýöne ol hakynda biraz soňra...

Aýgül GARAÝEWA,
«Esger».