Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ýalkymy

15 Maý 2024
204

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleri esasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesil hakyndaky aladanyň aýdyň nusgasy bolup, halkymyzyň ynsanperwer, sahawatly ýörelgelerini dabaralandyrýar. Halkymyzyň çagalary alada we söýgi bilen gurşamak ýaly milli häsiýetleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde aýdyň ýüze çykýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, onuň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän bu gaznanyň döredilmegine 3 ýyl doldy. Şu geçen gysga döwürde onuň alyp baran haýyr-sahawat işleri bolsa, howandarlyga mätäç nijeme ynsanyň kalbynda umyt uçgunlarynyň döremegine sebäp boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jaýdar nygtaýşy ýaly, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmany, lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.