14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekledi hem-de ony ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady. Şeýle-de Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi.