Baky bagtyň şuglasy

14 Maý 2024
363

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmeginde çuňňur many bar. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny yglan edeninden soň, «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Konstitusiýamyzyň kabul edilmegine we Döwlet baýdagymyzyň döredilmegine 32 ýyl dolýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr. Ol ýokary hukuk güýjüne eýe bolmak bilen, kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň güwäsi hökmünde çykyş edýär. Başymyzyň täjine we gözlerimiziň görejine deňelýän ýaşyl Baýdagymyzyň bu gün asuda asmanymyzyň parahat goýnunda asudalygyň hem-de baky bagtyýarlygyň nyşany bolup, erkana parlamagy ildeşlerimizi uly üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda şatlyk-şowhunly dabaralara beslenip, giňden bellenilýän şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ähli halkymyzyň göwünlerini galkyndyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Toýguly ISAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy boýunça baş hünärmeni.