Milli medeniýetimize sarpa

12 Maý 2024
459

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap biziň üçin gymmatly baýlykdyr, ruhy hazynadyr. Ýurdumyzyň gadymy ýerleri, halkymyzyň döreden medeniýeti her bir ynsanyň ýüreginde buýsanç döredýär. Ak bugdaýyň mekany! Nähili ajaýyp we ýürege ýakymly söz. Şeýle sözde, şeýle jümlelerde halkymyzyň şöhratly taryhyny, gadymdan gelýän milli medeniýetini görmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda beýan edilýän taryhy maglumatlar bilen tanşyp, biz türkmen halkynyň taryhy hakynda bilmeli zatlarymyzyň örän köpdügine göz ýetirdik, has takygy, ol biziň öňümizde täze bir älemi açdy. Gadymy Änew medeniýeti taryhy özboluşly medeni hadysadyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabynda parasatly pikirleri öňe sürýär, taryhda beýik yz goýan alymlaryň atlaryny beýan edýär. Munuň özi dünýäniň taryhyna uly goşant goşan medeniýetiň alymlar tarapyndan öwrenilýändigini aýdyň beýan edýär. Bu baradaky gyzykly maglumatlar kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Gülnar MAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.