Goşa baýram — goşa toý

9 Maý 2024
578

Üstünliklere, taryhy wakalara beslenip dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilip geçilýän şanly seneleriň, baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesine göterilmegi, ýurdumyzyň asudalygynyň, abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşanydyr.

Ýene-de sanlyja günlerden agzybir hem-de zähmetkeş halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýene-de bir şanly senäni, milli senenamamyzda orun alan goşa mukaddesligiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygyny döwlet derejesinde belläp geçerler. Türkmen halkynyň milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler, demokratik taglymatlar, halkara hukugyň kadalary bitewüleşdirilen Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi, baky jebisligimizi, ynsanperwerligiň belent maksatlaryna, parahatçylyk söýüjilige we dostluga ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan haly gölleri, zeýtun baldajyklary, bäş ýyldyzdyr ýarymaý şekillendirilen Döwlet baýdagymyzyň döredilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda ädilen aýgytly ädimlerdir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Esasy Kanunymyzyň döredilen gününiň Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygy bilen utgaşdyrylyp bellenilmeginde hem çuň many-mazmun jemlenendir. Özbaşdak döwlet diýlip ykrar edilmegiň esasy şertleri hasaplanylýan Esasy Kanunymyzda we Döwlet baýdagymyzda halkymyzyň çäksiz buýsançlary öz beýanyny tapýar. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip, rejelenilip, ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň hukuk binýady hökmünde raýatlarymyza ynsanperwerligi, ruhubelentligi ündeýär, halkymyzyň kalbynda ajaýyp geljege berk ynam döredýär.

Kakamämmet NEPESOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.