Berkarar döwletimiziň batly gadamlary

8 Maý 2024
220

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzyň şanyna ýurdumyzda toý-baýramlarymyz goşa-goşadan tutulýar. Munuň özi beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň doly derejede amala aşýandygyna şaýatlyk edýär. Onuň aýdyň hakykaty bolup, şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijelerine bagyşlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisindäki hasabatlar hem göwün guşumyzy has-da ganatlandyrdy. Çünki döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başyndan bäri milli baýramçylyklar we Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşlary mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

«Esger».