Gülläp ösüşleriň röwşen ýoly

8 Maý 2024
338

«Ýol» sözi iň gysga sözleriň biri. Haýran galaýmaly, bu sözüň çägine girýän manylar welin, sanardan kän. Ýaşaýyş ýüz-müňlerçe ýollardan ybarat. Heňňamyň, taryhyň müňlerçe ýyllyk ýollarynda köp-köp ösüş ýollary döräp, ýaşaýşyň häzirki ösen derejesi kemala gelipdir.

Ýol gurmak, ynsanlar üçin bähbitli ýaşaýyş, ruhy, aňyýet ýollaryny döretmek, ösdürmek, kämilleşdirmek, elbetde, her bir jemgyýetiň dünýädäki ornuny kesgitleýän şertleriň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň gurýan, döredýän, açýan ýollarynyň netijesinde berkarar türkmen döwletiniň bu günki gün dünýäde öz mertebeli ornuny pugtalandyrýandygy türkmen halkynyň bagtyýarlyk, agzybirlik, ösüş ýoly bilen geljege ynamly barýandygynyň alamatydyr.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.