Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy

1 Maý 2024
171

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenler iň gadymy medeniýetleri we döwletleri döretmekde, adalatly jemgyýeti gurmakda, parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrmakda baý tejribesi bolan halk hökmünde tanalýar» diýip belleýär. Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bilelikde baýram etmeginiň çäklerinde şu ýylyň 22 — 24-nji apreli aralygynda Parižde geçirilen döredijilik çäresi-de ýene bir gezek aýdyň görkezýär. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, ýurdumyzyň Fransiýadaky ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy. Esasy çäreleriň hatarynda «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergini, Türkmen-fransuz arheologik toparyň işiniň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahaty, şeýle hem ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertini görkezmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistan häzirki döwürde Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan daşary syýasat ugruna berk eýerýär. Fransiýanyň paýtagtynda guralan bu çäreler ýurdumyzyň medeni diplomatiýasyny işjeň ilerletmegiň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Munuň özi halkymyzyň baý milli mirasyny, Watanymyzyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmäge ýardam berýär. Dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine ägirt uly goşant goşýan türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar.

«Esger».