Ajaýyplyga beslenen dabara

1 Maý 2024
281

Ýurdumyzda toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri hem Türkmen bedewiniň milli baýramydyr. Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen baýramçylyk çäreleri, gaýtalanmajak gözelligi, ajaýyplygy, ýyndamlygy, çeýeligi we çydamlylygy bilen dünýäde şan-şöhrata eýe bolan ahalteke atlarynyň dabarasyny ýene bir gezek äleme ýaýdy. Çünki waspy belentden ýetirilýän behişdi bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjy bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan çäksiz goşandydyr. Häzirki döwürde ahalteke bedewleri ýurdumyzyň baş nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilik kuwwaty bilen täze belentliklere tarap öňe gitmeginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýelden ýüwrük bedewlere birnäçe ylmy we edebi eserlerini bagyşlady. Olarda halkymyzyň bu ugurda döreden parasatly nakyllary, pähim-paýhaslary, gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Dürli dillere terjime edilen bu eserler dünýä jemgyýetçiliginiň hem mirasyna öwrülip, ahalteke bedewlerine gyzyklanmanyň barha artmagynda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Eziz Çarymuhammedow,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.