Rowaçlyklara badalga

30 Aprel 2024
496

Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky öňde goýlan maksatlar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi uly ähmiýete eýedir.

Alty ALTYÝEW,
Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki sport mekdebiniň okuw müdiri.