Türkmen halkynyň milli buýsanjy

28 Aprel 2024
332

27-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy dabara gatnaşyjylary we myhmanlary baýramçylyk ruhunda garşylady. Bu ýokary okuw mekdebi şol gün behişdi bedewleriň hormatyna geçirilen bäsleşikleriň ýaýbaňlandyrylýan merkezine öwrüldi. Hemme ýerde türkmen toýuna mahsus görnüşler emele getirilip, joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy, ýurdumyzyň döredijilik toparlary iň gowy çykyşlaryny görkezdiler.

«Mugallymlar gazeti».