Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy

27 Aprel 2024
679

Arkadag şäheri, 26-njy aprel (TDH). Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwrebap ahalteke atçylyk athanasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy hem-de Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy.

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirilýär. Asyl watany bereketli türkmen topragy bolan behişdi bedewler dünýä atçylygynyň täsinligi hökmünde ykrar edildi. Ahalteke bedewleri halkymyzyň gymmatly buýsanjy bolup, milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Ahalteke bedewleriniň şanyna guralýan dabaralara dünýäniň dürli ýurtlarynyň ahalteke atçylyk assosiasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, belli atşynaslar, bu ugra degişli hünärmenler, alymlar, bilermenler gatnaşýarlar. Munuň özi ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikde uly abraýa eýediginiň beýanydyr.