Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

25 Aprel 2024
248

Türgenlerimiz — sport gahrymanlarymyz

Şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşy dünýäni begendiren şanly wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen bu halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýeländiklerini hem-de gazanan ýokary netijeleri üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň tälimçilerine we türgenlerine Türkmenistanyň hormatly atlarynyň  dakylmagy ildeşlerimizde egsilmez buýsanç duýgularyny döretdi.