Parahatçylyk, dost-doganlyk, ynanyşmak

24 Aprel 2024
174

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýär. Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyz: «Täze taryhy döwürde milli ýörelgelerimize, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan baý tejribesine esaslanyp, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän syýasaty alyp barýarys. Ýurdumyzyň her bir maşgala ojagynyň bagtyýarlygy, halkymyzyň rowaçlygy üçin durmuşyň ýokary derejesini üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek boýunça maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, täze sepgitlere ýetýäris» diýip belleýär.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasyny düzýär. Şunda ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilýär.

«Esger».