Yhlas bilen gurulýan ýollar

24 Aprel 2024
199

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň arzuw-islegleri ýokary derejede amala aşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. XXI asyryň Beýik Ýüpek ýoluny döretmek ugrunda yhlas bilen gurulýan täze ýollar bolsa, halklary abadan durmuşa alyp barýar. Olar durnukly ösüşe, özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ýakyn goňşularymyz, dünýäniň alysdaky halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem ýardam edýär. Şanly ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda taryhy özgertmeler giňden rowaçlanýar.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köp şahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanyň uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly peýda bolar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär.

«Esger».