Taryha belent sarpa

23 Aprel 2024
149

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby ýüreklere ýaz ýakymly ruhy joşgun paýlady. Täze kitap bütindünýä mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy Änew medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlardan, ony düýpli öwrenmekde alnyp barylýan arheologik barlaglar baradaky gyzykly gürrüňlerden söbbet açýar.

Gojaman Köpetdagy etekläp oturan Änew şäheriniň örän baý taryhy bar. Ol ekerançylygyň gülläp ösen, adamzat medeniýetiniň kemala gelen topragy. 3 bapdan we 7 bölümden ybarat bolan kitabyň bölümlerini okanyňda, taryhyň hazynaly dünýäsine aralaşyp, gadymyýete syýahat eden ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Ony okadygyňça, daýhançylyk, ekerançylyk medeniýetiniň dörän, dünýä belli beýik şahsyýetleriň, ýazyjy-şahyrlaryň ýaşap geçen bu keramatly topragyna buýsanjyň goşalanýar.

Selbi ÝAZYÝEWA,
Sarahs etrabyndaky 6-njy bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji.