Gymmatly gollanmamyz

23 Aprel 2024
523

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby biziň her birimiziň ýüreklerimizde orun aldy. Bu ajaýyp kitaby okan her bir adamyň kalbynda paýhasly pederlerimiziň şöhratly ýol-ýörelgelerine buýsanjynyň, ata Watana bolan söýgüsiniň has-da artýandygyny ynam bilen aýtmak bolar. Çünki kitap taryhy maglumatlara baýdygy, çeper beýan edilendigi bilen okyjyny özüne imrindirýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçmiş taryhymyzy, milli mirasymyzy, gadymy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, dünýä ýaýmaga uly üns berilýär.

Ata Watanymyz gadymy ekerançylygyň ojagy bolmak bilen, dünýä alymlarynyň arasynda ak bugdaýyň mekany hökmünde tanalýar. Şeýlelikde, ekerançylyk medeniýetini döreden halkymyzyň bu gymmatlyklary dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň özboluşly köprüsi bolup hyzmat edipdir. Bu gymmatlyklar häzirki ajaýyp zamanamyzda has-da çuňňur öwrenilýär. Bu günki günde gadymy Änew täzeçe öwüşgine beslenýär.

Gülçehra GULANOWA,
Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.