Ösüşleriň Diýary

23 Aprel 2024
377

Ýurdumyzyň geljekki ösüşleri sanlylaşdyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», sanly ulgamy ornaşdyrmagyň Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, milli ykdysadyýetimize sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda gazanylýan oňyn ykdysady netijeler milli bähbitleriň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberini köpeltmek, elektron senagatyny döretmek boýunça maksatnamalar işlenip taýýarlanylýar we netijeli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi, awtomatlaşdyrylan telefon beketleriniň sanlylaşdyrylmagy, ilatyň dynç alýan ýerlerinde, söwda merkezlerinde elektron söwda ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ähli tölegleriň sanly ulgam arkaly tölenmegi bu babatda amal edilen işleriň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy şanly wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabarada eden çykyşynda umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu awtomobil ýolunyň gurulmagynyň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändiginiň nobatdaky güwäsidigini nygtady. Onuň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýär. Awtobanda elektron tor, gyssagly kömek üçin telefon ulgamlary, üýtgeýän maglumatlar tablosy, hyzmatlary dolandyrmak, töleg we wideogözegçilik ulgamlary ýaly innowasiýalar hem ornaşdyrylandyr.

Oguljahan TÄÇMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.