Bagtyýarlygyň aýdyň beýany

23 Aprel 2024
355

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halky agzybirlikde belent maksatlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap barýar.

Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halk bähbitli başlangyçlary beýik işleriň özenini düzýär. Häzirki wagtda milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki medeniýet halklaryň arasynda dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy berkidýän nusgalyk ýoldur. Şonuň üçin hem milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagy, akyldar şahyrymyzyň goşgularynyň dünýä dillerine terjime edilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdan, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmekden, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Ýurdumyz dünýä döwletleriniň ençemesi bilen ykdysady, medeni, ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlygy giň gerimde ýola goýýar. Munuň özi halklaryň bähbidini nazarlaýan berk binýatdyr.

Gülnara BALTAÝEWA,
Akdepe etrabyndaky 103-nji orta mekdebiň mugallymy.