Şanly wakalara beslenýän döwür

23 Aprel 2024
253

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz uly wakalaryň şaýady bolýarys. Olar türkmen halkynyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, mukaddes Watanymyzyň şan-şöhratyny tutuş dünýä ýaýýar. Şeýle ajaýyp wakalaryň birnäçesi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Mary welaýatyna Şa gadamy bilen bagly boldy. Şol gün Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem-de kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy.

Bu şatlykly wakalar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň ylmyň we innowasiýalaryň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyň subut edýär.

Batyr MYRADOW,
«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory, pedagogika ylymlarynyň doktory.