Türk­me­nis­tan — Tä­ji­gis­tan: däp bolan gatnaşyklar netijeli ösdürilýär

22 Aprel 2024
248

4-5-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasynda boldy.

Prezident Emomali Rahmon Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylady. Ol: «Türkmenistan biziň iň ýakyn dostumyz, strategik hyzmatdaşymyzdyr. Türkmenistan bilen bizi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar» diýip bellemek bilen, bu resmi saparyň netijeli döwletara dialogy çuňlaşdyrmakda, ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyny aýtdy. Iki ýurduň Liderleri, döwrüň talaplary bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ykdysadyýetleriniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermegiň möhümdigi baradaky pikiri aýtdylar.

TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.