Häzirki wagtda ýurdumyz bilen dünýäniň köp döwletleriniň arasynda durnukly, ygtybarly gatnaşyklar ýola goýuldy. Birleşen Milletler Guramasynyň hemmetaraplaýyn ylalaşdyryjylyk hereketiniň maksatnamalarynyň işjeň ugrukdyryjysy hökmünde döwletimiziň abraýy has-da artdy. Bu günki gün Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, yklym derejeli ulag-üstaşyr geçelgelerini we logistika merkezlerini ösdürmek, ykdysady gatnaşyklarda, ynsanperwer meselelerde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak başlangyçlary giňden ykrar edilýär. Muňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy aýdyň mysaldyr.
2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlandy. Şeýle hem Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) 69-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu guramanyň 2021 — 2023-nji ýyllar döwri üçin wise-başlyklygyna biragyzdan saýlandy. Bu wakalar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän halkara hyzmatdaşlygy berkitmek babatda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli daşary syýasata berlen ýokary bahadyr.