Golaýda 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahatyna gatnaşan «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň okuw bölüminiň başlygy Irina Kuzminskaýa bilen söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
— «Mir» döwletara teleradiokompaniýasy birnäçe ýyl bäri Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlykda. Ýola goýlan hyzmatdaşlygyň gün-günden ilerleýändigi iki dostlukly halky hasam ýakynlaşdyrýar. Bu babatdaky pikirleriňizi okyjylarymyz bilen paýlaşsaňyz...