Halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

18 Aprel 2024
172

Mary, 17-nji aprel (TDH). Şu gün Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.