Halkyň bagtyýar durmuşy — beýik ynamyň miwesi

11 Aprel 2024
196

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Ynam — mukaddeslik. Ynamy ödemek — mertebe. Halkymyz hatda ynamy ödemäge yhlas etmegiň özüni-de ýagşy häsiýetleriň hatarynda goýýar. Özüme bildirilen beýik ynamyň netijesini mähriban halkymyň asuda, abadan ýaşaýşynda, Watanymyzyň parahatlygynda, gülläp ösüşinde görmek meniň iň uly maksadym» diýip ýazýar. Türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň ygtybarlylygyny berkitmek, ýurt asudalygyny,  ösüşiň durnuklylygyny gazanmak ýaly mukaddes maksatlaryna  aýgytly ädimler bilen barýan döwlet Baştutanymyzyň şu hepdede durmuşa geçiren işleriniň özi-de beýik ynamy ödemäge yhlas etmegiň ajaýyp nusgasydyr. 

Hormatly Prezidentimiziň 6-njy aprelde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlar hem muny tassyklaýar. Mejlisde degişli ýolbaşçynyň milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada beren maglumatynda bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 8-si kabul edilipdir. Şunuň bilen birlikde, hukuk namalarynyň birnäçesi kämilleşdirildi. Häzirki wagtda iş toparlarynda dürli ulgamlarda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalary taýýarlanylýar.

«Adalat».