Kanunçylygyň döwrebap ugurlary

11 Aprel 2024
248

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Durmuş, ykdysady we medeni meseleleriň üstünlikli çözülmegi her bir döwletiň baştutanlarynyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna, ykdysady kuwwatyna we kämil kanunçylygyna bagly bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň kanunçylygy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň, jemgyýetiň ähli agzalarynyň, ýagny raýatlaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň kanunalaýyk hereketleriniň üpjün edilmeginiň, kanunyň kadalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň hukuk binýadydyr.

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly» diýip nygtady. Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygynda eden maksatnamalaýyn çykyşy durmuşyň ähli meselelerini öz içine almak bilen, her bir ugurda öňde durýan wezipeleri, nazarlanýan ösüşleriň kanunçylyk esaslaryny kesgitledi.

Jennet ÖWEKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.