Ählumumy ösüşiň bähbidine

11 Aprel 2024
243

Watanymyzyň energetika diplomatiýasy häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ýokary depginler bilen ösýän şertlerinde ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy we barlaglaryň alnyp barylmagy, halkara bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge pugta ygrarlydygy bilen aýrylmaz baglydyr. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň döwletleri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly üpjün etmek, öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň bähbitleriniň deňagramly bolmagyny gazanmak babatynda öňe sürýän başlangyçlary möhüm ähmiýete eýedir.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» nebitgaz toplumynda gaýragoýulmasyz wezipeleri amala aşyrmaga gönükdirilen ulgamlaýyn çäreleriň hatarynda ýurdumyz üstaşyr magistral turba geçirijilerini döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi we oňa gatnaşmagy meýilleşdirýär. Tebigy gazyň eksport edilýän möçberiniň artdyrylmagy döwletiň ykdysady kuwwatynyň esasy düzüm bölekleriniň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýelemek bilen, ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge işjeň gatnaşýar, energiýa serişdelerini ibermegiň köpşahaly ulgamyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany durmuşa geçirýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň belent münberinden beýan eden döredijilikli başlangyçlary halkara bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp bolup, Baş Assambleýanyň kabul eden birnäçe Rezolýusiýalarynda berkidildi.

Aýnur BEGIÝEWA,
Türkmenbaşy şäher kazyýeti, kazynyň kömekçisi.