Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

11 Aprel 2024
271

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Azerbaýjanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna yslam dünýäsiniň mübärek baýramy — Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Goý, Beýik Biribar Siziň doga-dilegleriňizi öz dergähinde kabul etsin!