Parahatçylyk taglymaty

10 Aprel 2024
594

Döwrüň ýüze çykarýan yzygiderli global meselelerini wagtynda duýup, olara seslenmek, öz wagtynda takyk jogaplary işläp taýýarlamak, dünýä bileleşigine teklipleri girizmek we amal edilmeli hereketleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak III müňýyllykda adamzat jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm meseleleriň aýrylmaz bir bölegini emele getirýär. Şunlukda, döwrüň wagt taýdan öňde goýan meseleleriniň anyk hem-de kesgitli çözgüdini tapmakda, ýüze çykýan global meselelere jogap bermek zeruryýeti dünýä bileleşiginiň öňünde aýgytly wezipeleri goýýar. Biziň döwletimiz özüniň açyk, pragmatik we deňhukukly daşary syýasatyny BMG-niň düzgünlerine hem-de halkara hukugynyň beýleki kadalaşdyryjy namalaryna eýermek bilen alyp barýar. Ýurtlaryň arasyndaky konstruktiw we deňhukukly dialogy berkitmekde bütindünýä guramasyna we onuň düzüm birliklerine, syýasy institutlara, halkara we sebitara guramalara berilýän ünsüň güýçlendirilmegi ugrunda yzygiderli teklipleri öňe sürýär. Dialogyň parahatçylygyň kepili bolup durýandygy, onuň ählumumy abadançylygy gazanmak ugrunda adamzadyň iň ygtybarly serişdelerinden biridigi baradaky başlangyçlar bilen çykyş edýän ata Watanymyzyň öňe sürýän teklipleri dünýä ýüzünde goldaw tapýar.

XXI asyrda adamzat jemgyýetçiliginiň öňünde durýan meseleleriň çözgüdini tapmakda türkmen döwletiniň öňe sürýän başlangyçlary bütindünýä globallaşma prosesinde özüniň oňyn netijesini hem berýär. Bu barada şu ýylyň mart aýynyň başynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen diplomatiýa forumynda Gahryman Arkadagymyz hem özüniň çuň manyly çykyşynda belläp geçdi. Şol forumda Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolup durýan Türkmenistan 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu guramanyň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamagy teklip edipdi. Şeýle teklip, elbetde, döwrüň öňde goýan meseleleriniň çözgüdini tapmak, olary kadalaşdyrmak, belli bir ulgama getirmek we düzgünleşdirmek nukdaýnazaryndan, şu günki günüň derwaýys meseleleriniň sowallaryna jogap bermekde syýasy institutlaryň, sebit edaralarynyň, halkara birleşmeleriň üstüne düşýän wezipeleri kesgitlemekde halkara derejesinde öňe sürlen oňyn başlangyç bolupdy. Şu teklibiň bada-bat özüniň oňyn seslenmesine eýe bolmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk etdi. Munuň özi Türkmenistanyň sebit we ählumumy parahatçylygy berkitmek ugrundaky öňe sürýän başlangyçlarynyň biri-biri bilen üznüksizdiginiň, olaryň bir bitewi maksada tutuş adamzat jemgyýetiniň parahatçylygyny üpjün etmeklige gönükdirilendiginiň subutnamasydyr. Ine, ýakynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmekliginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi.

Atamyrat ANNAGELDIÝEW,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby.