Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

10 Aprel 2024
265

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, häzirki wagtda parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeli dialogy ilerletmegiň, ýurtlaryňdyr halklaryň arasynda ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny saklamagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygyny belledi.