Akyldara goýulýan belent sarpa

10 Aprel 2024
185

Nusgawy edebiýatymyza uly goşant goşan ajaýyp şahyrlarymyzyň biri-de, «Berkarar döwlet istärin» diýip, bu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni arzuwlan akyldar şahyrymyz, türkmen halkynyň buýsanjy Magtymguly Pyragydyr. Bahar aýlarynyň sähramyzy bezeýşi ýaly, şahyryň goşgulary hem okyjysynyň aňyny söz baýlygy bilen bezeýär, öwüt-ündewlerini kalbyňa guýýar. Türkmen halkynyň söýgüli şahyry, beýik akyldarymyz dana Pyragy döwrüniň öňdebaryjy, ylymly-bilimli adamy bolup, bahasyna ýetip bolmajak köp sanly eserlerini bize miras galdyrypdyr.

Nusgawy şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren goşgularynyň çeperçiligi, many taýdan çuňlugy, milli mazmuna baýlygy, ynsanperwer ideýalary gozgaýandygy bilen tapawutlanýar. Magtymguly Pyragy nesil terbiýesi barada köp sanly şygyrlaryny bize miras goýupdyr. Ol öz ajaýyp şygyrlarynda her bir ynsanyň durmuşda özüni dogry ýolda alyp barmagy, ulyny sylap, kiçä hormat goýmagy, agzybirligi, jebisligi, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, parasatlylygy, maşgala bolan gymmatly garaýşy terbiýelemegi ündeýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgeler bu günki gün biziň durmuşymyzda-da nusgalyk ýöl-ýörelgä öwrüldi.

Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň başlygy.